Golaýlaýan Täze ýyl baýramy üçin ilatdan pul ýygnamak çäreleri dowam edýär. Dekabryň başyndan bäri kärhanalarda we bilim edaralarynda häzirki wagtda hemme ýerde sökülýän Täze ýyl agaçlary we bezegler üçin pul ýygnalan bolsa, häzir sowgat üçin pul talap edilýär.
Ýurduň häkimiýetleri düşündiriş bermezden, hemme ýerde oturdylan Täze ýyl agaçlaryny söküp-aýyrmagyny dowam etdirýärler. Maryda we Baýramalyda köçelerdäki agaçlary ýok etmek bilen bir hatarda şäher häkimliginiň we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bilim edaralaryna baryp, ýapyk ýerlerde baýramçylyk üçin bezelen Täze ýyl agaçlarynyň sökülmegini talap edýärler.
Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler ozal öz talaby boýunça işgärlerden toplanan pula ep-esli çykdajy edilip bezelen Täze ýyl agaçlarynyň we beýleki bezegleriniň sökülmeginiň sebäplerini düşündirmeýärler.
Marydaky köpçülik ýerlerinde, diňe sanlyja täze ýyl arçasy galdy, olaryň biri resmi baýramçylyk dabaralarynyň geçiriljek ýeri Ak öýüň öňünde ýerleşýär.
Täze ýyl arçalarynyň köpçülikleýin ýok edilmegi on gün mundan ozal başlandy. Lebapda häkimiýetler ilki bilen her bir döwlet edarasynyň öňünde bezelen arçalary sökdüler. Şeýlelik bilen, şäherde bary-ýogy bäş sany bezegli arça galypdy, soň ýene birini döwlet baýdagynyň astynda gyssagly bezediler. Bu sanlyja bezegli arçalaryň öňünde döwlet telewideniýesinde görkeziljek dabaralar surata düşürilýär.
Häkimiýetler bolýan zatlar barada düşündiriş bermeýärkä, käbir çeşmeler agaçlary aýyrmagyň ýangyn howpsuzlygy çäreleri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar. Azatlyk bilen gürleşen ýangyn söndürijiler Täze ýyl agaçlaryny hemme ýerde, şol sanda ýapyk ýerlerde oturtmagy gadagan edýän buýruk barada gürrüň berdiler.
"Bize ýapyk ýerlerde, şol sanda bilim edaralarynda we kärhanalarda täze ýyl arçalaryny oturtmagyň gadagan edilendigi barada buýruk geldi. Arçalaryň ýanmagynyň ähtimallygy sebäpli düşündirildi" -diýip, Marydaky ýangyn söndüriji aýtdy.
Bolýan ýagdaýlar ene-atalarda öz çagalarynyň köpden bäri garaşan baýramçylygyndan mahrum bolmagyndan howatyrlanma döretdi.
"Mekdep okuwçylarynyň ene-atalary näme bolýarka diýip, geň galýarlar. Indi çagalygymyzdan bäri dowam edip gelýän bu däp-dessurlardan biziň perzentlerimiz mahrum bolmalymy? Täze ýyl agajynyň töwereginde aýlanmakda, surata düşmekde, goşgy okap, sowgat almakda näme ýalňyşlyk bar! Goý çagalara hiç bolmanda ýylda bir gezek hakykatdan şatlansyn" - diýip, maryly ene aýdýar.
Sosial-ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi, işsizlik we köpelýän zähmet migrasiýasy ýaly şertlerde köp maşgala garyplyk çäginden pesde ýaşaýar, çagalaryň ençemesi bolçulygyň nämedigini bilmeýär.
"Çagalarymyz ozalam şatlyk görmeýär, ýylyň dowamynda olara hiç zat satyn alyp bilmeýäris, her günki iýjegimiz alada. Indi çagalarymyzyň bu soňky baýramçylygy hem bolmajaga meňzeýär" - diýip Marynyň ýene bir ýaşaýjysy aýdýar.
Şeýle-de bolsa, baýramçylyk bilen baglykda ilata maliýe basyş artýarlar. Aşgabatda we beýleki şäherlerde mekdeplerde sowgat üçin pul ýygnalýar.
“Aşgabatda, her bir okuwçydan sowgat üçin 120 manat ýygnalýar, bazarda şeýle sowgadyň bahasy iki esse arzan - 60 manatdan geçmeýär. Ol köp mukdarda satyn alnanda has hem arzan düşýär. Mekdeplerde bolsa müňden gowrak okuwçy bar. Mugallymlaryň, ene-atalara sowgatlaryň bahasyny kesgitlänlerinde, diňe çagalarynyň göwnünden turmak islegine esaslanýandyklaryna ynanmak kyn "- diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.
Aşgabadyň bazarlarynda şu günler içi kemputly sowgatlaryň bahasy 10-dan 60 manata çenli - Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça bu 2,6 - 17 amerikan dollary aralygynda.
Türkmenistanda Täze ýyl ilat arasynda giňden bellenýär. Ilatyň aglaba köplügi Täze ýyly esasy maşgala baýramçylygy hasaplaýar. Emma soňky iki ýylda ýurtda ruhanylaryň Täze ýyly bellemekden saklanmak baradaky çagyryşlary ýygy-ýygydan ýaýbaňlandy.
Indi häkimiýetleriň Täze ýyl arçalaryny ýok etmek çäreleri Täze ýyldan öň pul gazanmagy umyt edýän telekeçilere hem ýaramaz täsir etdi. Köçe bezeglerine isleg ep-esli azaldy.
Ençeme ýylyň dowamynda ýurduň häkimiýetleri Täze ýyl baýramyna uly üns berdiler.Bezegler Täze ýylyň esasy aýratynlygydy.Paýtagtyň we beýleki şäherleriň köçeleri yşyklar we täze ýyl arçalary bilen bezelipdi, ýyllarboýy döwlet baştutanynyň we hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda täze ýyl dabaralary geçirildi.
Häkimiýetler tarapyndan gurnalan köpçülikleýin sahnalara we dabaralara gatnaşyjylar hökmünde öňünden saýlanyp alnan býujet işgärleri, studentler we mekdep ýaşyna çenli çagalar çekildi.
Bu ýyl Aşgabadyň häkimiýetleri baş arça agajynyň beýikligini artdyrdylar. Türkmen metbugatynyň Aşgabadyň häkimligine salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl "Älem" medeni we güýmenje merkeziniň meýdançasynda 44 metr beýiklikdäki Täze ýyl agajy oturdylar. Geçen ýyl türkmen paýtagtyndaky esasy Täze ýyl arçasynyň beýikligi 43 metrdi.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.