Türkmenistanda dünýä bazarlarynda islegli nebit önümleriniň önümçiligi özleşdirilýär

Ýurdumyzdaky nebit gorlarynyň baýlygy dünýä bazarlarynda islegli nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmäge şert döredýär. Şonuň üçinem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda tehnologik enjamlaryň oturtmagy 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Ýurtda ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak bu maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýan Westport Trading Europe Limited-- (WTL) (ABŞ) kompaniýasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Mysal üçin, iki ýyl mundan ozal TNGIZT-nyň düzünindäki Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürýän tehnologik enjam işe girizildi, şu ýylyň başynda bolsa”Ýewro-5” ölçegine laýyk gelýän benziniň komponentini öndürmek boýunça tehnologik enjamyň durky täzelendi.

Golaýda kompaniýa haýal kokslamak we gudrony asfaltdan arassalamak boýunça enjamlar toplumynyň gurluşygyny tamamlamaga tenderde ýeňdi.Haýal kokslama gudron, mazut we asfalt ýaly nebit önümleriniň agyr galyndylaryny gaýtadan işläp ondan gaz, benzin, ýeňil we agyr gazoýly we nebit koksyny almaga niýetlenendir.

Gudrony asfaltdan arassalaýjy enjam TNGIZT-daky haýal kokslama enjamy üçin ýaglary hem-de asfalt öndürmek üçin erediji bilen parafin-nagten uglewodorody-deasfaltizaty bölüp aýyrmaga niýetlenendir.

Häzirki wagtda “WTL” kompaniýasyyň tehnologlary Türkmenistanda öndürilmeýän uglewodorod çig malyndan önümleriň täze görnüşlerini almagyň taslamalaryny işläp taýýarlaýarlar. Iňňepisint koks şolaryň biridir. Ol ösen ýurtlaryň ykdysadyýetiniň strategiki pudaklarynyň ençemsinde islegli haryt bolup, nebit önümleriniň dünýä bazarynda ony satmakdan örän köp peýda görülýär.

-Iňňepisint koks düzüminde metallardyr kükürt az bolan ýokary düzümli uglerod önümidir-diýip, Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktorynyň orunbasary, tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow gürrüň berýär.-Ol nebti gaýtadan işlemek arkaly alynýan we grafitirlenen elektrodlary öndürmekde ulanylýan gymmat bahaly önümlerdir.

Grafit we ondan alynýan önümler atom, metallurgiýa, himiýa, kosmos pudaklarynda köp ulanylýar.Oňa isleg Türkmenistanda önümiň bu görnüşini öndürmekligi guramaga amatly şertler döredýär.

TNGIZT-nda nebit koksynyň iki görnüşi-summar (ýarym fabrikat) we gyzdyrylan görnüşleri öndürilýär. Iňňepisint koks dünýä bazarynda summar koksdan 5-7 esse gymmatdyr, onuň bir tonnasy ABŞ-nyň iki müň dollaryna barabardyr. Halkara bilermenleriniň bahasyna görä, iňňepisint koksa isleg ýakyn ýyllarda hasam artar.

Iňňepisint koksy senagat taýdan öndürmegiň esasy şerti kokslamak üçin degerli kuwwatlyklaryň bolmagydyr. Az kükürtli koks ony almak üçin amatly çig maldyr. Häzirki wagtda GDA ýurtlarynda gudrondan az kükürtli (onuň düzümindäki kükürt 0,5 gramdyr) alýan ýeke-täk kärhana TNGIZT-dyr.

Soňky ýyllarda Westport Trading Europe Limited kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda geçirilýän tenderlere işjeň gatnaşýar. Şunda daşary ýurtly hünärmenler nebti gaýtadan işlemekde öňdebaryjy önüm öndüijileriňdir alymlaryň iň täze tehniki taslamalaryny, şeýle hem Türkmenistanda nebit agtarmakda hememtaraplaýyn ylmy we amaly barlaglara esaslanýan taslamalary teklip edýärler. Ozaly bilen, olar ýokary islegli nebit iňňepisint koksy we başga-da ençeme önümlerdir.

Ufanyň nebit tehnikasy döwlet uniwersitetiniň türkmen nebti bilen baglanşykly geçirien ylmy barlaglarynyň ençemesi ylmy açyş sertifikatyna muynasyp boldylar.Mysal üçin 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Patent býurosynda türkmen nebtinden iňňepisint koks öndürmegiň innowasion açyşy hasaba alyndy we oňa degişli patent berildi.

Westport Trading Europe Limited kompanýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Nikolaý Ýurçenko, kompaniýanyň baş tehnology, tehniki ylymlaryň doktory Gennadiý Walýawin we kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktorynyň orunbasary Allaberdi Ylýasow onuň awtorlarydyr.

Işlenilip taýaýrlanylan tehnologiýalar dünýä derejesindäki ýokary hilli iňňepisint koks almaga mümkinçilik berýär. TNGIZT-nyň mümkinçilikleri bu ýerde girdejili ýokary hilli iňňepisint koks önümçiligni ýola goýmaga esas berýär.

Dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi nebit-gaz pudagyny ösdürmegiň strategiki wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň “Daşary ykdysady iş hakynda”, “Daşary yurt maýa goýumlary hakynda”,”Türkemnistanda maýa goýum işi hakynda” we beýleki Kanunlary maýa goýum işini hukuk babatda düzgünleşdirýärler.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär
WTL TNGZIT-de haýal kokslama toplumynyň gurluşygyny dowam edýär
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda wodorod öndürýän desga gurlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
TNGIZT-de täze enjamyň işe girizilmegi bilen nebit koksunyň, benziniň, suwuklandyrylan gazyň we ýol bitumynyň çykarylyşy artdyrylar
08.03.2018 | Täzeçillik — ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň özeni