Türkmenistanda elektron söwdanyň gümrük amallary maslahatlaşyldy

Türkmenistanda elektron söwdanyň gümrük amallary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan söwda meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu çäre ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan gurnaldy.

Tegelek stoluň barşynda CLDP-niň bilermenleri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk esaslaryny döretmek boýunça halkara tejribeleri bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdylar we Merkezi Aziýa sebitinde söwdany ösdürmek boýunça görülmegi mümkin bolan çäreler barada teklipleri paýlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Şeýle-de ýurtda we sebitde elektron söwdany ösdürmek bilen baglanyşykly gümrük amallary, sanly söwda ulgamy hem-de intellektual eýeçilik hukugy boýunça mowzuklar gozgaldy.

CLDP maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky söwdany ösdürmek meselesine gönükdirilendir. CLDP-niň bu ugurdaky işleri ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly Ylalaşygynyň (TIFA) ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI TEMASY BOÝUNÇA TEGELEK STOL
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Dialog parahatçylygyň kepili temasy boýunça tegelek stol geçirdi
84 ýyldan bäri şol bir ýerde işläp, rekordlar kitabyna girdi
Türkmenabatda ýaşlar babatynda ÝUNFPA bilen maslahat geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meselelere bagyşlanyp tegelek stol geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “TEGELEK STOL” GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI