Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy atly okuw sapagy geçirildi.Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy.

Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.

Okuw sapagy tamamlanandan soňra, diňleýjilere — hünärmenlere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň gara kişmiş görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmentel 2025 atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
Turkish Airlines Türkmenistan bilen dowamly howa gatnawynyň dikeldilýändigini tassyklady, Türkmenistanyň iň gowy etrabynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähi gurlar, Türkmenistan ýene-de Rekordlar kitabyna girip biler
Gripp ýarawsuzlygynyň aýrylmagy üçin tebigy çözgütler
Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aşgabatdaky okuw sapagynyň dünýä rekordy hökmünde ykrar ediljekdigine ynanýar
Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi
Ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi