Türkmenistanda güýçli gar ýagýar, howa aşa sowaýar

Türkmenistanda güýçli gar ýagýar, howa aşa sowaýar

Aşgabatda we Türkmenabatda güýçli gar ýagýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu barada 9-njy ýanwarda öýlän habar berdiler.

Türkmenistanda agyr garyň ýagmagyna garaşylýandygy “Metteožurnalyň” 5-nji ýanwarda beren habarynda aýdyldy. Türkmenistanda şu hepdäniň başyndan anomal sowuk howanyň bolmagyna, howanyň derejesiniň käbir ýerlerde adaty klimat kadalaryndan 10-16 gradus aşak gaçmagyna garaşylýar diýlip maglumatda aýdyldy.

Türkmenabatdaky habarçymyz garyň ýagmagynyň türkmenabatlylar üçin garaşylmadyk ýagdaý boladygyny, sebäbi döwlet telewideniýesiniň garyň ýagjagy barada ýeterlik maglumat bermändigini belleýär.

Watan habar gullugynyň 8-nji ýanwarda beren maglumatynda garyň ýagjagy çala agzalyp geçildi. Döwlet telewideniýesiniň maglumatynda 9-njy ýanwarda "gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar" diýildi.

Şol bir wagtda, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýagmagyna garaşylýan güýçli gar barada has anyk habar bermäge çalyşdy. Çaklamalara görä, gar 9-10-njy ýanwar gijesinde ýagyp başlar we 10-njy ýanwara çenli dowam eder, onuň galyňlygy 10 — 15 sm bolar öýdülýär diýlip, maglumatda aýdyldy.

Hökümetçi neşir şu gün agşam Aşgabatda howanyň temperaturasynyň -3-e düşjegini, gije -6 gradus aýaz boljagyny duýdurdy.

Türkmen metbugaty adatça adamlaryň durmuşyna täsir ýetirjek güýçli howa üýtgemeleri barada öňünden anyk maglumat bermeýän bolsa-da, bu gezekki garly howa “Watan” habarlar programmasynda agzalanda Daşoguzda gije 16-21 gradus, gündiz 9-14 gradus boljagy ekrandan görkezildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Owganystandaky ýer titreme Lebapda hem ýiti duýuldy, käbir jaýlar ýykyldy, käbiriniň üçekleri çökdi
Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy
Türkmenderýa gyrmançadan arassalanýar, Aşgabat suw meselesini çözýärmi?
Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň möçberi köpeldildi