Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde dabaraly ýagdaýda geçiriler.Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygar astynda geçýän ýylda geçiriljek umumymilli forumda döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemlenjekdigini, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine we Halk Maslahatyna Ministrler Kabineti, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde forumy ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işlerine başlamak tabşyryldy. Şeýle hem wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada degişli karary kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet sylaglaryny bermek işini ýokary derejede guramagy tabşyrdy