Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek hakynda karar kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de şu ýyl öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda karar kabul etdi. Şeýle-de karara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Mejlis bilen bilelikde taýýarlyk işleri boýunça welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak tabşyryldy.
Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek tabşyryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taýýarlyk işleriniň ähli degişli düzümleriň sazlaşykly hyzmatdaşlygy esasynda alnyp barylmalydygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetiniň başlygy, Ahal welaýatynyň halk maslahatynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň goranmak ministri çykyş edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalynyň döredilmeginiň şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşjak harby gullukçylary ruhlandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taýýarlyk döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giňden wagyz etmek, mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleleri hem-de resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak, raýatlardan gelip gowşan teklipleri hasaba almak, mejlisiň maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
