Türkmenistanda içerki bankomatlaryň sanynyň artmagy hasaba alyndy

Türkmenistanda içerki bankomatlaryň sanynyň artmagy hasaba alyndy

2023-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Türkmenistanda bankomatlaryň sany geçen aýyň başyndan bäri (2,139 bankomat) biraz artyp, 2 142-ä ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp, Trend.az habar berdi.

Bankyň habaryna görä, bankomatlaryň iň köp mukdary Aşgabat şäherinde (448), şeýle hem Mary (443) we Lebap (438) welaýatlarynda ýerleşýär.

Bankomatlaryň sany boýunça Daýhanbank döwlet täjirçilik banky (1024) öňdebaryjy bolup, ondan soň sanawda Türkmenistan döwlet täjirçilik banky (439) we Türkmenbaşy paýdarlar täjirçilik banky (356) ýerleşdi.

Soňky alty ýylda Türkmenistanda bankomatlaryň sany iki esse artdy. Şeýlelik bilen, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanda 924 bankomat bolan bolsa, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bu san 2144-e ýetdi diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Döwletiň gallaçylar bilen hasaplaşyk döwri golaýlady, bankomatlar 'pulsyz', pensiýalar gijikdirilýär
Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär
Lebapda bankomatlardaky nagt ýetmezçiliginiň fonunda dermanhanalaryň ençemesinde nagt däl tölegler kabul edilmeýär
Kärendeçiler pagta puluny nagtlaşdyrmagyň 'kyndygyny' aýdýarlar
Türkmenbaşyda nagt pul we bankomatlar 'ýetmezçilik edýär'
Ýewropa maýa goýum banky 2026-njy ýylda Merkezi Aziýadaky işini giňeltmekçi