Türkmenistanda italýan aşpeziniň ussatlyk sapagy we aşpezlik şüweleňi geçirildi

Türkmenistanda italýan aşpeziniň ussatlyk sapagy we aşpezlik şüweleňi geçirildi

Türkmenistanda italýan aşpezi Andrea Palmýeriniň we Rim-Ostia myhmanhana işewürlik institutynyň müdiri Fabrizio Fraşettiniň ussatlyk sapagy we aşpezlik şüweleňi geçirildi.

Çäreler 8-nji Bütindünýä italýan aşhanasy hepdeliginiň çäginde Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Bu çäreleriň Aşgabatdaky Dante restoranynda bolup geçendigini bellemelidiris.

Aşpezler gatnaşyjylary italýan aşhanasynyň syrlary bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem bu ýurduň däp bolan tagamlaryny nädip taýýarlamalydygyny görkezdiler.

Ussatlyk sapagy we aşpezlik şüweleňi oňa gatnaşyjylar üçin iňňän täsirli boldy. Pizza, makaron we beýleki italýan tagamlarynyň howany gurşap alan lezzetli ysynyň, daş-töwerekde ýaňlanýan italýan dilindäki gürrüňdeşlikleriň kömegi bilen myhmanlar özlerini Italiýanyň jümmüşinde ýaly duýdular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa + Italiýa mejlisine gatnaşar
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar
Raşida Dati Fransiýanyň medeniýet ministri boldy
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Watikanda, Hezreti Isanyň Doglan Güni Bellenilip Geçildi