Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar

Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny,

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, geçiniň ýüňi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 207 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $307 milliona golaýlady
TDHÇMB-niň anna günündäki geleşikleri 26 million manada golaýlady
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy
Mart III hepde: TDHÇMB-da 26,2 million manatlyk geleşik baglaşyldy