Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kasym Mohamed Salim Al Salhiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Omanyň ilçisini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kuwwatyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy.Duşuşygyň barşynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem jenap Kasym Mohamed Salim Al Salhi Mejlisiň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.

Omanyň ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda söwda, işewür we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi.Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygyň bardygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Güler we Fidan Malaýziýada Saparda Bolýar
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
Mehmet Şimşek Omanda saparda bolýar
Uruş ýyllarynyň edermenligi hakynda kino sungatynyň dili bilen