Türkmenistanda rus dilinde okadýan klaslardan türkmen klaslaryna geçýän okuwçylar köpeldi

Türkmenistanda rus dilinde okadýan klaslardan türkmen klaslaryna geçýän okuwçylar köpeldi

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryň rus dilinde sapak berýän klaslardan türkmen klaslaryna geçirýän ýagdaýlary köpeldi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, munuň geljekde ýaşlaryň uniwersitetlere girmek mümkinçiligi bilen baglanyşygy bar. Köpler uniwersitetlere girenlerinde türkmen synplaryny gutaranlara artykmaçlyk beriljekdigine ynanýarlar.

Azatlygyň habarçylary köp sanly mekdep okuwçysynyň, ilkinji nobatda-da, mekdebi gutarýanlaryň türkmen dilinde okandygy hakynda attestat almak üçin türkmen dilinde sapak berýän klaslara geçýändigini 22-nji ýanwarda habar berdi.

Habarçylarymyz bu ýagdaýyň ýokary okuw jaýlaryna türkmen dilinde orta bilim alanlary kabul etmek baradaky buýruk bilen baglanyşyklydygyny bilim edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda onlarça ene-ata öz çagalaryny türkmen synplaryna geçirýärler. Köpüsi birinji klasdan rus dilinde bilim alan okuwçylar.

Hususan-da, 15-nji mekdepde şu ýyl azyndan 6 okuwçy rus bölüminden türkmen dilindäki klasa geçirilipdir.

Häzirki wagtda Aşgabadyň birnäçe mekdebinde rus dilinde okadýan klaslar bar. Habarçymyz şu wagt olaryň sanynyň ona golaýdygyny aýdýar. Şu okuw ýylynyň başynda habarçylar ortaça 30-a golaý rus dilinde sapak berýän mekdepleriň bolandygyny habar beripdi.

Türkmen dilinde sapak berýän synpy gutaranlar türkmen dilinde şahadatnama alýarlar, rus dilinde okadýan synplary gutaranlara rus dilinde şahadatnama berilýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, uniwersitetlere girmäge dalaş edýänleriň orta bilim hakyndaky attestatlarynyň Türkmenistanyň döwlet dilinde bolmagyny talap edýän görkezme dilden berlipdir. Bu barada resmi habar bolmady. Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Habarçylarymyz bilen anonim gürleşen bilim ulgamyndaky çeşmeler munuň häkimiýetleriň türkmen diliniň ähmiýetini güýçlendirmek we türkmen dilinde okaýanlaryň sanyny artdyrmak islegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurt dillerinde okatmagyň meşhurlygy artdy. Ýurtda türk mekdepleri köpçülikleýin ýapylansoň, ilat arasynda rus dilinde bilim berýän klaslar has meşhur boldy.

Habarçylarymyzyň belleýşi ýaly, rus klaslarynda dürli milletleriň wekilleri, şol sanda köp sanly türkmen çagalary okaýarlar.

Ýatlatsak, awgust aýynyň ahyrynda garaşsyz neşirleriň we Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň Aşgabatda we ýurduň beýleki sebitlerinde rus dilinde sapak berýän klaslaryň köpçülikleýin ýapylyp başlandyklaryny habar beripdi.

Munuň bilen baglylykda 15-nji sentýabrda Orsýetiň Daşary işler ministrligi beýannama ýaýradyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine rus dilli sapaklary dikeltmek üçin ýagdaýy anyklamak haýyşy bilen hat iberendigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetlerinden resmi beýanat bolmady. Bu ýagdaýlary Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri hem beýan etmedi.

3-nji sentýabrda Azatlygyň döwlet edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli ähli mekdeplerde rus dilinde okadylýan sapaklary ýok etmek meselesine hökümet derejesinde seredilýändigini aýtdy.

Türkmenistanda rus dilli synplaryň ýok edilmeginiň fonunda ilat rus dilinde gürlemezlik üçin häkimiýetleriň basyşyna sezewar boldy.

Soňky iki onýyllykda Türkmenistanyň ilatynyň arasynda rus we türk dilleriniň meşhurlygy artdy. Daşary ýurt dillerinde bilim almak ýaş türkmen raýatlaryna soň daşary ýurtlarda bilim almaga mümkinçilik döredýär. Köp adam rus we türk teleýaýlymlarynyň programmalaryna sputnik kanallary arkaly tomaşa edýär.

Öňki ýyllarda Türkmenistanda ilatyň türk dilinde bilim almak mümkinçiligi çäklendirildi. Türk dilinde okadýan ýokary we orta mekdepler ýapdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda tölegsiz VPN-ler petiklendi, saglyk işgärlerine sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan edildi
Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär
Aşgabat: Talyplar artýan talaplaryň özleriniň bilim almagyny barha agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar
Aşgabadyň haýwanat bagyndaky jandarlaryň ýagdaýy gözgyny
Ilata azyk elýeterliligi çäkli bolup galýar, pes hilli azyga hyrydar artýar
Aşgabatda banklarda pul nagtlaşdymak üçin nobatlar döredi
Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar