Türkmenistanda rus kinoprokatynyň iň girdejili filmi — Çeburaşka maşgala komediýasy görkeziler

Türkmenistanda rus kinoprokatynyň iň girdejili filmi — Çeburaşka maşgala komediýasy görkeziler

9 — 14-nji iýun aralygynda Aşgabatda Rus kinosynyň günleri geçiriler. Russian Film Festival şygary bilen geçiriljek ýörite tölegsiz görkezilişlerde festiwalyň myhmanlary Berkarar kinoteatrynda dört sany rus filmine tomaşa edip bilerler.

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna bu günlerde adybir erteki esasynda surata düşürilen, Russiýada iň köp girdeji getirip kinoprokatda öňdeligi eýelän hem-de 2023-nji ýylda dünýäde iň köp girdeji getiren filmleriň iň gowy 25-ligine giren Çeburaşka filmi görkeziler.

Mundan başga-da, tomaşaçylaryň dykgatyna Iwan Sarewiç we Çal Möjek 5 hem-de Ermitažyň pişikleri, şeýle-de Jadygöýler atly maşgala fentezisi ýaly animasion filmler ýetiriler.

Rus kinosynyň Türkmenistandaky günleri Russiýanyň Medeniýet ministrligi we RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde ROSKINO tarapyndan guralýar.

Tölegsiz petekler 9-njy iýundan Berkarar kinoteatrynyň şu salgydaky kassalarynda elýeterlidir: Atatürk köçesi, 80-nji jaý, Berkarar SDAM, 3-nji gat.

Görkezilişleriň tertipnamasy:

9-njy iýun, anna

10-njy iýun, şenbe

11-nji iýun, ýekşenbe

12-nji iýun, duşenbe

13-nji iýun, sişenbe

14-nji iýun, çarşenbe

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky ITEA IT-akademiýasy adaty zatlaryň dizaýnyna bagyşlanan ussatlyk sapagyna çagyrýar
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Amitabh Baççan Mugallyma atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer
Nemes operasy we rus romantizmi: Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti
Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada
Bulary bilýärmisiňiz?