Türkmenistanda Söwda-maglumatlar portaly işe başlar

Türkmenistanda Söwda-maglumatlar portaly işe başlar

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ýyldyz myhmanhanasynda Türkmenistanyň söwda-maglumatlar portalynyň işe girizilmegi mynasybetli metbugat maslahaty geçiriler.

3-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we Halkara söwda merkezi tarapyndan guralýar. Maslahatda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanowyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonsonyň hem çykyş etmegine garaşylýar.

Söwda-maglumatlar portaly Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde we Halkara söwda merkeziniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan işlenip düzüldi.

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi kabul edildi
Pep we onuň şägirtleri (makala)
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe başlady