Türkmenistanda şu ýyl aspiranturalara we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň sany 38 adam köpeldi

Türkmenistanda şu ýyl aspiranturalara we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň sany 38 adam köpeldi

Şu ýyl Türkmenistanda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura 29 adam kabul ediler hem-de ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige 66, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige 10 adam hasaba alnar. Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri Gülälek Annanepesowa Türkmenistan gazetiniň habarçysyna maglumat berdi.

Bu babatda geçen ýyldaky jemi görkeziji 67 adam bolan bolsa, bu ýyl 105-e ýetirildi.

Olaryň ylym ugurlarynyň hatarynda fizika-matematika, himiýa, biologiýa, tehniki, oba hojalyk ylymlary, taryh ylymlary we arheologiýa, ykdysady, filologiýa, hukuk, pedagogika, lukmançylyk, harby, syýasy ylymlar, şeýle-de ýer baradaky ylymlar bar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy
Türkmenistanda alymlyk derejelerine dalaşgärlige 80 adam hasaba alnar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Lebapda et gymmatlaýar, döwlet dükanlary pes hilli önümleri satmaga mejbur bolýar
Derňew hasabaty: Gözellik merkezi 90% arzanladyş bilen Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna satyldy
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy