Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň möçberi üýtgedildi, Aşgabat bilen Pekin ulag we ylmy-tehniki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, Russiýanyň kofe dükany Türkmenistanda sarp edijileriň islegini öwrenýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň möçberi üýtgedildi, Aşgabat bilen Pekin ulag we ylmy-tehniki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, Russiýanyň kofe dükany Türkmenistanda sarp edijileriň islegini öwrenýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň gümrük bahasy 116%-den 145%-e çenli ýokarlandy. Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girizilen degişli üýtgetmeler 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleri bolsa halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Degişli resminamalara Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça gol çekildi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda Kanuna gol çekdi. Bu Konwensiýa 2001-nji ýylyň 23-nji martynda London şäherinde kabul edildi.

4. 1-nji dekabrda Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň we talyplarynyň her ýylda geçirilýän döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy bolar. Bu gezekki serginiň mowzugy akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Sergide Magtymgulynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly nakgaş, grafika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik we haly sungatynyň eserleri, keramika önümleri görkeziler.

5. Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň Agro-Pak Türkmenistan — 2023 atly halkara sergisinde Russiýanyň Wokrug sweta kofe kompaniýasy öz önümlerini tanyşdyrdy. Kompaniýanyň diwarlygynda Türkmenistanda eýýäm satylýan önümler: Belyý mişka atly çagalar üçin kisel we kakao içgisi, Babuşkin hutorok atly syçratgy (sikoriý) ösümliginden taýýarlanylýan içgi, Zdorowýe atly itburun goşundyly syçratgydan (sikoriý) taýýarlanan içgi ýerleşdirildi.

Dünýäde

6. Tokionda robot we robototehnika enjamlarynyň IREX 2023 atly halkara sergisi açyldy. Bu ýyl sergide bütin dünýäden 650-den gowrak kompaniýanyň taslamalary görkezilýär. Eksponatlaryň köpüsi robotlaşdyrylan eller we manipulýatorlardyr, olar ýük götermekden başlap, ownuk hereketleri (motorikany) talap edýän dürli işleri ýerine ýetirip bilýärler.

7.Dekabr aýynyň başynda howa şertlerine duýgur adamlaryň saglygyna täsir edip biljek birnäç magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. 1 3-nji dekabr aralygynda Ýeriň magnit meýdanynyň 2 balla çenli gowşak bozuljakdygy bellenilýär. 3-nji dekabr agşamyndan başlap, geomagnit işjeňlik 3 ballyk gowşak tupan derejesine çenli güýçlener we 4-nji dekabrda iň ýokary derejesine ýeter.

Bu döwürde howa şertlerine bagly adamlara fiziki we psihologiki dartgynlygy azaltmak, dynç almak hem-de stressden gaça durmak maslahat berilýär.

Sport habarlary

8. Türkmen türgeni Aýsenem Mataýewa Dubaýda geçirilen halkara gylyçlaşmak ýaryşynda ýeňiji boldy. Aýsenem 11 ýaşa çenli derejedäki garşydaşlaryna ýeňiş üçin hiç hili mümkinçilik galdyrmady. Ol toparçalaýyn tapgyrda alty garşydaşy bilen söweşip, toparçadan ýeňilişsiz çykdy, ýarym finalda BAE-niň, finalda bolsa Alžiriň wekilini aňsatlyk bilen ýeňmegi başardy.

9. Çarşenbe güni, 29-njy noýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 5-nji aýlawynyň ikinji oýun güni geçirildi.Günüň oýunlarynyň netijelerine görä, Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň iki täze gatnaşyjysy kesgitlenildi.

Olar Arsenal we PSW toparlarydyr.Ondan öň Mançester Siti, Bawariýa, Inter, Real Sosýedad, Madridiň Realy, Leýpsig, Atletiko, Barselona, Dortmundyň Borussiýa we Italiýanyň Lazio toparlary Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykypdylar. Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky aýlawy 12-13-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Astrahan sebitiniň gubernatory Türkmenistanyň prawoslaw ybadathanalaryna baryp gördi
7-nji aprelde welosipedli ýöriş sebäpli Aşgabatda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar, Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanow we Babuşkin bilen duşuşdy, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda içerki transfer möwsümi açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Astrahanyň gubernatory bilen duşuşdy