Türkmenistanda uglewodorodyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça konferensiýa geçiriler

Türkmenistanda uglewodorodyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça konferensiýa geçiriler

Şu ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda uglewodorod önümçiliginiň daşky gurşaw zyňyndylaryny azaltmak boýunça, şol sanda Derweze gaz krateriniň çözgütleri ýaly halkara ylmy konferensiýa geçiriler.

Çäre “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalary bilen bilelikde gurnalýar.

“Turkmen Forumyň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, halkara ylmy konferensiýa daşky gurşawa zyňyndylary azaltmagyň ähli taraplary we ýaşyl energiýa tehnologiýalary boýunça tejribe hem-de gözleg netijelerini paýlaşmak üçin öňdebaryjy bilermenleri, gözlegçileri we energiýa pudagyndaky hünärmenleri birleşdirmek üçin geçirilýär.

Forumda uglewodorod öndürmekde we baglanyşykly gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary we nou-haular, täze döwürdäki energiýa taslamalary, Derweze gaz krateriniň mümkin bolan çözgütleri, halkara tejribe we başlangyçlar, bar bolan tehniki goldaw ugurlary hem-de täze meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahata Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet guramalarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy halkara guramalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu çäre adaty we onlaýn görnüşde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
Aşgabat syýahatçylygy maslahatlaşdy, synçylar ýurduň 'üzňelikde galýandygyny' aýdýarlar
Türkmen alymlary Derweze kraterini ýapmagyň usulyny işläp düzdüler
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etjek düzümi mälim boldy