Türkmenistanda ýakyn wagtda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana işe giriziler

Türkmenistanda ýakyn wagtda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana işe giriziler

Ýakyn günlerde Lebap welaýatynda Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagyndaky buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar.

Jeyhun.news tarapyndan berilýän habara görä, onuň gurluşygy Mizemez gadam hususy kärhanasynyň binagärleri alyp barýarlar. Täze kärhananyň düzüminde önümçilik bölüminden we edara jaýyndan başga-da çig malyň saklanylmagy, hünärmenleriň işlemekleri we dynç almaklary üçin zerur binalar guruldy.

Kärhana işe girizileninden soňra ýylda glisirrizin turşusynyň 390 tonnasy öndürilip başlanar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny almaklyk üçin Italiýanyň Adipson Ind.Srl kompaniýasynyň öndüren tehnologiýalaryndan peýdalanylar.

Enjamlary gurnamaga ýerli hünärmenler bilen birlikde italiýaly, serbiýaly, müsürli hünärmenler hem işjeň gatnaşdylar. Göz öňünde tutulan kämil tehnologiýalaryň aglaba bölegi gurnaldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
Norwegiýada suw süýjediji täze ulgam bilen tanyşdyryldy
Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy
Aşgabatdaky Alem Sport accessories and equipments dükanynda ýoga bilen meşgullanmak üçin ähli zatlaryy satyn alyp bilersiňiz
Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy