Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy

Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy

Häzirki wagtda dünýäde iň meşhurlyk gazanan smartfon öndüriji kompaniýalaryň biri bolan Hytaýyň Tecno Mobile brendi ýokary öndürijiligi, döwrebap we ajaýyp dizaýny, elýeterli bahany özünde jemleýän Spark 10 smartfonlaryny öndürip başlady. Spark 10 tapgyrly smartfonlar bu günki günde türkmen alyjylary üçin hem elýeterli boldy.

Spark tapgyrly Tecno smartfonlary diňe bir onuň tehniki aýratynlyklaryna däl-de, eýsem daşky görnüşine-de baha berýän muşdaklary nazarda tutýar hem-de foto-wideo düşürmek taraplaryna-da uly ähmiýet berýär.

Tecno Spark 10C. Klassiki görnüşe we göni gyra çäklerine eýe bolup, onuň daşynyň aýlaw elementleri enjamyň ergonomikasyny gowulandyrýar. Tehniki aýratynlyklary:

Tecno Spark 10C selfi surata düşürmek üçin örän göwnejaýdyr.Enjamda owadan portretli surata düşmäge mümkinçilik berýän halka çyra effekti bolan arka tarap yşyklar bar. Ösen portret režimi we AI-algoritmleri umumy fonda portreti görkezýär we daş keşbiň özboluşlylygyny görkezýän gözellik elementlerini hödürleýär.

Pro režiminiň kömegi bilen saklama ulgamyny, ekspozisiýany ölçeg režimini, zatwor tizligini, ak reňk balansyny we fokusy sazlap bilersiňiz. Öňki kameranyň çyrasy yşyklandyrmany dürli derejä laýyklykda gurnamak üçin üç derejeli ýagtylyk görkezijisi bilen sazlanýar.

Tecno Spark 10.Bu smartfonyň hem edil öňki model ýaly, daş keşbinde öwüsmeýän reňki we kamera modulynyň ýalpyldawuk elementlerini birleşdirip, surat hem-de wideo materiallaryny döretmek üçin ajaýyp aýratynlyklary bar. 18 Wt çalt zarýadly 5000 mAh akkumulýator, smartfona uzak wagtlap oýun, gürleşmek we surata düşmek mümkinçiligini berýär. Ýadyň göwrümi — 128 Gb we 8 Gb RAM (16 Gb çenli). 50 megapiksel kamera ýokary hilli suratlary we ýokary çözgütli wideolary islendik ýerde, hatda pes ýagtylykda hem düşürip bilýär.

Tecno Spark 10 Pro — tapgyrynyň ilkinji arkasy aýnaly smartfonydyr.Onda 4-de 1 tehnologiýasy bilen ýokarlandyrylan durulykly 32 megapikselli frontal kamera, şeýle hem 256 GB umumy we 8 Gb RAM (16 Gb çenli) ýat gory bar.

Reňkleriň ýokary aýdyňlygy we ýagtylygy 6.8 FHD + ekrany bilen üpjün edilýär, 5000 mAh akkumulýator we 18W çalt zarýad bermek şerti smartfonyňyz bilen uzak wagtlap öndürijilikli işlemäge mümkinçilik berer.

Awtomatiki sahnany kesgitlemek (ASD) dürli düşüriş žanrlary üçin kamerany gurnamaga kömek edýär.Täze býutifikasiýa sazlamalary modeliň daşky görnüşiniň aýratynlyklaryny bilen baglylykda, suratlaryň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder, alty döredijilik süzgüçli Super Night režimi bolsa özboluşly awtorlyk suratlaryny döretmäge ýardam eder. Şeýle hem saundtrekleriň taýýar kitaphanasy we montaž üçin aýratyn effektli Plýonka režimi bar, bu bolsa studiýa derejesindäki hilli wideolary döretmäge mümkinçilik berýär.

Spark line smartfonlarynyň ählisi zarýad beriji, elektrik kabeli, 3,5 mm ses girişli simli nauşnikler, ekranynyň gorag plýonkasy we daşlygy bilen bitewi toplumda gelýär. Önüme bir ýyl möhlet bilen kepillik berilýär.

Telefon: (+993 60) 12 88 88.

Ýene degişli makalalar

Ykjam telefondan ilki gezek 50 ýyl mundan öň jaň edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
USAID TechYouth Bootcamp maksatnamasynyň uçurymlaryna iş ýoluna gadam urmaga kömek etmek üçin iş orunlar ýarmarkasyny geçirdi
Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler, TDU-da taýýarlygyň durmuş işi ugry açylar, Türkmenistan Döwlet muzeýinde deri önümleriniň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy