Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.

Bäsleşige Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.Bäsleşikde hasaba alnan köp sanly ylmy işleriň arasynda 67-si ýeňijiler diýlip saýlanyldy.

2. 12-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda milli baýramçylyk Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirildi.Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin kabul edişligi açyp, rus diline aýawly çemeleşýändikleri üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Diplomat Russiýanyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, dostlukly başlangyçlary durmuşa geçirmäge, ylalaşyk gazanmaga we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary baha berýändigini aýtdy.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi gazanyldy.

Kabul edişlige işewür we jemgyýetçilik toparlarynyň, ylmy we medeni birleşikleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň görnükli wekilleri, daşary ýurtlaryň ilçileri we harby attaşeleri, şeýle hem Russiýanyň raýatlary gatnaşdylar.

3. 2023-nji ýylyň iýun aýynyň başyndaky maglumatlara görä, Türkmenistanda şu ýylyň ilkinji bäş aýynda işe girizilen bank kartlarynyň sany 136 959-a deň boldy. Türkmenistanda işjeň bank kartlarynyň sany boýunça bazaryň lideri Daýhanbankdyr. Bu görkeziji boýunça ikinji ýeri Türkmenistan banky, üçünji orny Halkbank eýeleýär.

4.Aşgabatda Rus kinosynyň we animasiýasynyň hepdeliginiň çäklerinde Çeburaşka filminiň ilkinji görkezilişi boldy.Dmitriý Dýaçenkonyň režissýorlyk eden filmi tomaşaçylaryň göwnünden turdy, filmiň ilkinji görkezilişinde zal tomaşaçydan doldy. Çeburaşka ýaly geýnen aktýor Berkarar kinoteatrynyň eýwanynda myhmanlary garşy aldy.

Uly gulakly ertekiniň gahrymany çagalara apelsin paýlady, gürleşdi we bilelikde surata düşdi. Ýatlatsak, 9-njy iýunda Türkmenistanda Russian Film Festival nyşany bilen Rus kinosynyň we animasiýasynyň günleri açyldy.Paýtagtyň Aşgabat we Berkarar kinoteatrlarynda görkeziliş 14-nji iýuna çenli dowam eder.

Filmlere çakylyklary kinoteatrlaryň kassalarynda erkin almak mümkindir.

Dünýäde

5.Italiýanyň öňki premýer-ministri we Milanyň öňki prezidenti Silwio Berluskoni 87 ýaşynda aradan çykdy.Forza Italia partiýansyyň ýolbaşçysy 45 gün dowam eden uzak hassahana bejergisinden soň, geçen anna güni San-Raffaele gaýdyp geldi.

Ony soňlugy bilen öýken sowuklamasyna öwrülen leýkemiýa keseli sebäpli hassahana ýerleşdirdiler.Berluskoniniň döwlet derejesinde jaýlamak çäresi 14-nji iýunda Milan ybadathanasynda bolar.Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Silwio Berluskoniniň aradan çykmagy sebäpli Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellä çuňňur gynanç bildirdi.

6. SpaceX kosmos kompaniýasyna inžerener-programmist wezipesine 14 ýaşly Kaýran Kwazini işe aldylar. Ýetginjegiň Santa-Klara uniwersitetiniň inženerçilik mekdebini tamamlap, bilim edarasynyň taryhyndaky iň ýaş uçurym bolandygy kesgitlenildi. Ol okuw döwründe talyplaryň öz-özüňi dolandyryş ulgamyna işjeň gatnaşdy we beýleki talyplar üçin halypa hökmünde çykyş etdi.

Sport habarlary

7.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň ähli oýunlary tamamlandy.Altyn asyr Energetigi ýeňip, 12 utuk toplady we ýeke-täk lider boldy.Sanawyň ikinji ornunda - Merw, üçünji orunda Ahal ýerleşdi. Şagadam dördünji orny eýeledi.

Duşuşyklary 14-nji iýunda geçiriljek TFF-niň Kubogynyň soňky bäşinji tapgyrynda Merw we Altyn asyr altyn medallaryň ykbalyny kesgitlärler, Şagadam we Ahal bolsa üçünji orun ugrunda duşuşarlar.

8.Polina Guriýewanyň agyr atletika boýunça Gawananyň Baş baýragyna haçan gitjekdigi belli boldy. Ýatlatsak, şu günler Kubanyň paýtagtynda agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşy geçirilýär.Zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde B toparçada 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala eýe bolan hem-de ýurt üçin ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk Olimpiýa baýragyny gazanyp, Türkmenistanyň taryhyna giren Polina Guryýewa çykyş eder.

Polina Guryýewanyň gatnaşmagynda bäsleşlik güni 15-nji iýunda geçiriler.

9.Kilian Mbappe Fransiýanyň PSŽ topary bilen şertnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi we 2024-nji ýylyň iýunynda erkin agent bolar.Fransuz hüjümçisiniň PSŽ bilen baglaşan şertnamasy 2023/24 möwsüminiň ahyrynda tamamlanýar we ol ýene bir möwsümiň uzaldylmak mümkinçiligini öz içine alýar, ýöne Mbappe PSŽ-niň ýolbaşçylaryna hat iberip, topara bu mümkinçiligi ulanmak islemeýändigini habar berdi.

Kilian 24 ýaşynda, ol Parižiň toparynda 2018-nji ýyldan bäri oýnaýar, Mbappe toparyň düüminde bäş gezek Fransiýanyň çempiony we üç gezek ýurduň kubogynyň ýeňijisi boldy.Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Mbappe 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, şeýle hem 2022-nji ýylda Katarda geçirilen ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy we sekiz pökgi geçirip, iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Rus Goşunlary Kiýewden we Çernygewden Çekilmäge Dowam Edýär
Britaniýa Lawrowuň Öweý Gyzy Bilen 65 Rus Işewürine we Firmasyna Sanksiýa Goýdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
BAE-de klublaýyn dünýä çempionaty başlandy
Al-Jazira dünýäniň klublaýyn çempionatynda Okeaniýanyň iň güýçli toparyny ýeňdi