Türkmenistanda Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi başlandy, Aşgabatda Ýeňiş diktanty ýazylar, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň saýlama tapgyry tamamlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi başlandy, Aşgabatda Ýeňiş diktanty ýazylar, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň saýlama tapgyry tamamlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi badalga aldy. Onuň esasy maksady keselleriň öňüni almak we ýaşaýşy goramak üçin immunizasiýanyň wajyplygy baradaky bilimleri artdyrmak. Türkmenistanyň ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň ilata mugt amala aşyrylýan ilkinji we ýeke-täk ýurtdygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Hökümeti ähli sanjymlaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirýär we ony çagalar üçin mugt amala aşyrýar.

2. 27-nji aprelde Aşgabatdaky Rus öýi Ikinji jahan urşuna bagyşlanan Halkara taryhy Ýeňiş diktantynyň geçiriljek meýdançasy bolar. Diktant eýýäm yzly-yzyna bäş ýyl bäri geçirilýär. Bu taryhy taslamanyň maksady Beýik Watançylyk urşunyň taryhyny öwrenmäge jemgyýetçilik köpçüliginiň ünsüni çekmek, taryhy sowatlylygyň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek. Çärä gatnaşmak üçin öňünden ýazylmak gerekdir.

3. Aşgabat atçylyk sport toplumynda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň ikinji saýlama tapgyry geçirildi. Bäsleşik 2009-njy ýylda döredilipdi. Birinji tapgyrda 45 sany arassa ganly bedewlerden 20-si saýlanyldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 10 sany naýbaşy ahalteke atynyň gatnaşmagynda 29-njy aprelde geçiriler.

4.Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasy şu aýda 30 ýyllygyny belleýär.Kompaniýa 1993-nji ýylda öz işine başlamak bilen, bu döwürde özüniň baş maksadyny durmuşa geçirmekde ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda netijeli üstünlikler gazandy.

Türkmenpoçta Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasydyr we döwletiň poçta operatory derejesine eýedir.Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde Türkmenpoçtanyň häzirki zaman hyzmat talaplaryna laýyk gelýän şahamçalary bardyr, olarda 2000-den gowrak adam zähmet çekýär.

5. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde üçünji Açyk matematika olimpidasy OMOUS-2023 badalga aldy. Akyl-paýhas bäsleşigine Türkmenistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Eýrandan, Meksikadan, Germaniýadan, Wengriýadan, Özbegistandan we Azerbaýjandan 280-den gowrak talyp gatnaşýar. Bäsleşigiň maksatnamasynda ýekeleýin we toparlaýyn tapgyrlar göz öňünde tutulandyr, bäsleşigiň jemleri bolsa 28-nji aprelde jemlener.

6. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Hindistanyň güni geçirildi. Çäre Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Talyplara Hindistan baradaky prezentasiýa görkezildi, şeýle hem bäsleşik we mowzuklaýyn sergi guraldy.

Dünýäde

7. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew dört günlük iş hepdesi hakyndaky kanunyň üýtgeşmelerine gol çekdi. Dört günlük iş hepdesini ýola goýulmak mümkinçiligi şu ýylyň 1-nji iýulynda iş berijileriň garamagynda berler we ýurduň Zähmet kodeksinde berkidiler.

8. 2023-nji ýylda Go Viral festiwaly bäş sany Merkezi Aziýa ýurdunda geçiriler. çäre geçen aý 17-18-nji martda Daşkentde geçirildi.Indiki duralga Gyrgyzystanyň Oş şäheri. Çäre 28-29-njy aprelde Oş döwlet uniwersitetinde geçiriler. çäräniň esasy mowzugy syýahatçylyga we oba hojalygyna gönükdirilen döredijilikli ykdysadyýet.

Go Viral Osh oňa gatnaşyjylara täze aragatnaşyklary ýola goýmak we iş tekliplerini almak, maslahat almak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri döreder.

Sport habarlary

9. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy GAR-da tamamlanan dünýä çempionatynyň A toparçasynyň üçünji diwizionynda kümüş medala mynasyp boldy. Toparçada birinji orny Taýwanyň topary eýeledi. Türkmenistan kümüş medaly almak ugrunda GAR-yň, Tailandyň we Lýuksemburgyň milli ýygyndylaryndan üstün çykdy.

10. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Mert alpinizm kluby bilen bilelikde Balkanabatda dyrmyşyjylyk we stol tennisi boýunça sport festiwalyny geçirer. ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport festiwaly 27-nji aprelde Balkan welaýatynyň edara ediş merkezindäki Sport toplumy stadionynda sagat 14:00-da geçiriler.

11. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyndaky bije çekişlikde üçünji sebede düşdi. Ýaryşa ýedi sany ýygyndy toparlar gatnaşarlar. Türkmenistandan başga-da, olar Eýran, Owganystan, Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Oman. Ýaryşyň bije çekişligi 26-njy aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar. Çempionatyň özi 9 21-nji iýun aralygynda Bişkekde we Daşkentde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňdi
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Lýuksemburgy Dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Lýuksemburgy ýeňdi
Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, FlyDubai Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar
Türkmen howa ýollary Moskwa uçuşlaryň möçberini artdyrar, Türkmenistana ýakyn wagtda yssy günler gaýdyp geler, Balkan welaýatynda täze prokuratura binasyny gurmak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar
Özbegistan türkmen nebitini satyn almak barada ylalaşdy, Aşgabat we Kazan göni howa gatnawy bilen birleşer, russiýaly telekeçiler 2023-nji ýylyň aprelinde Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar