Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňdi

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň B toparçasyndaky deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk 7:2 (2:0, 2:1, 3:1) hasabynda tamamlandy.

Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Serdar Durdyýew poker etdi, şeýle-de Şöhrat Begliýew, Perman Şamuhammedow we Elman Isaýew dagy öz atlaryna bir şaýbadan ýazdyrdylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, ýaryş 4-7-nj mart aralygynda Keýptaun (GAR) şäherinde geçirilýär. Onda üçünji diwiziýonyň A toparçasyna ýollanma almak üçin Türkmenistanyň, Taýlandyň, Gonkongyň we GAR-yň ýygyndylary özara güýç synanyşýarlar.

Şu gün, 5-nji martda Maksat Ataýewiň şägirtleri Gonkong bilen duşuşarlar. Türkmen hokkeýçileriniň ýaryşdaky soňky oýny 7-nji martda ýer eýesi GAR bilen bolar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň tertibi: (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen)

5-nji mart / 17:30 Türkmenistan Gonkong

7-nji mart / 22:30 GAR Türkmenistan

ОтветитьПереслать Добавить реакцию

Ýene degişli makalalar

5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy