Türkmenistanda ýolagçy gatnatnakda öňegidişlikler göze ilýär

Türkmenistanda ýolagçy gatnatnakda öňegidişlikler göze ilýär

Ýolagçy gatnatmak boýunça şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijileri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň netijeli işiniň beýanydyr.

Agentlik 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 122 million 362 müň 300 ýolagçyny gatnadyp, öňde goýlan meýilnamany 105,2% ýerine ýetirdi. Ýeri gelende ýatlasak, bu ugurda 2023-nji ýylyň netijesi 118 million 533 müň 600 ýolagçy bolupdy.

Görşümiz ýaly, netijeler 3 million 828 müň 700 ýolagçynyň artyk gatnadylandygyny mälim edýär. Bu bolsa 103,2% netijäniň gazanylandygynyň nyşanydyr.

Ýylyň birinji ýarymynda ýolagçy dolanyşygy 1 milliard 101 million 912 müň ýolagçy/kilometr bolup, meýilnama 107,6% amal edildi.Munuň özi geçen ýylyň görkezijisinden 36 million 106 müň ýolagçy/kilometr artyk bolup, ösüş 103,4% boldy.

Geçen ýylyň birinji ýarymynda 1 milliard 65 million 806 müň ýolagçy/kilometrlik netije görkezilipdi ― diýip, Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Amirabdullahian: Agentligiň soraglaryna jogap bermäge taýýar
Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ulaglaryň hereket çäklendirmesini ýatyrdy
Dünýäniň ilkinji parastronawty saýlandy
Türkmen diliniň täze maglumat tehnologiýalary (IT) sözlügi we türkmenleriň sözlükçilik däpleri
“Bureu Veritas Marine Kazakhstan” kompaniýasyna Türkmenistanda şahamça açmak teklip edildi
Kosmosda Gün paneli gurlar