Dünýäniň ilkinji parastronawty saýlandy

Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) täze astronawtlary taýýarlamak üçin okuw açdy.Bu okuwa kabul edilenleriň arasynda fiziki mümkinçiligi çäkli ilkinji astronawt hem bar.Agentlik bu astronawt dalaşgärine “para-astronawt” adyny berdi.

Kosmos agentligi 13 ýyldan soňra täze astronawtlary taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlady.Bu barada Parižde metbugat ýygnagy geçirildi. Şeýlelikde, astronawt sapaklaryny geçjek 17 adamyň arasyndaky iňlis paralimpiaçysy Jon MakFall hem bar.

MakFall ESA-nyň maýyp adamlaryň geljekde kosmos ýumuşlaryny ýerine ýetirmeklerini öwrenmek üçin taýýarlanan tabşyrygy ýerine ýetirmeli bolar.MakFallyň kosmosa giden fiziki mümkinçiligi çäkli ilkinji adam bolup bolmajakdygyny anyklamak üçin dizaýnerler we inženerler okuw sapaklaryna onuň bilen bilelikde gatnaşarlar.

MakFall 2008-nji ýylda Pekin Paralimpiýa Oýunlarynda 100 metrde bürünç medal gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

“DeepSeek” “Nvidia”-dan täze çiplerini satyn alar
Türkmen diliniň täze maglumat tehnologiýalary (IT) sözlügi we türkmenleriň sözlükçilik däpleri
“Bureu Veritas Marine Kazakhstan” kompaniýasyna Türkmenistanda şahamça açmak teklip edildi
Kosmosda Gün paneli gurlar
Türkmenistan we Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi hyzmatdaşlygy berkitmek üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
Arassa energiýa üçin maýa goýum artar
Aýa taryhy gonuş golaýlaýar