Türkmenistanda Ženewada BSG agza bolmak üçin arzasyny tabşyrdy

Türkmenistanda Ženewada BSG agza bolmak üçin arzasyny tabşyrdy

Düýn, 24-nji noýabrda Bütindünýä Söwda Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bu gurama agzalyga girmeginiň arzasyny resmi taýdan gowşurmak dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň goly bolan haty BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow gowşurdy.Bu arza BSG agza döwletler we synçylar tarapyndan Ženewada 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda — dört ýyldan bäri ilkinji gezek geçiriljek 12-nji Ministrler maslahatynda (MC12) ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow çykyş eder.Munuň üçin ol geljek hepdede Şweýsariýa sapar bilen gider.Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesi berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana ÝAT-niň topary bardy, olar Türkmenistanyň hapa pul ýuwulmagyna garşy üstünlikli göreşýändigi barada baha berer
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine täze ýolbaşçy belledi
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy