Türkmenistandaky dokma önümleri ýylyň nyşany bilen çykarylyp başlandy

Türkmenistandaky dokma önümleri ýylyň nyşany bilen çykarylyp başlandy

Paýtagtymyzda we Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän iri dokma toplumlary 2021-nji ýylyň milli nyşanly harytlaryny çykarmaga girişdiler. 2021-nji ýyl -- Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygarly owadan surat Ahal we Bahar tikinçilik kärhanalarynyň önümleriniň etiketkalaryna, Aşgabadyň dokma toplumynyň, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň, Gökdepe toplumynyň önümleriniň gaplaryna basylar. Ýylyň nyşany çagalara we ululara niýetlenip tikilen eşikleri, trikotaž, sport we jinsi eşiklerini bezär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän pagta süýüminden we ýüplükden başlap durmuşda ulanylýan dokma önümlerine çenli eksport edilýän harytlaryň giň sanawyndadyr. Täze tehnologiýa önümçilikleriniň özleşdirilmegi, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň awtomatik, döwrebap egirme, dokma, tikinçilik enjamlary pudagyň kärhanalarynda önümçiligiň möçberiniň artmagyny we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanamagyny üpjün edýär.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde pudakda çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olaryň ekologiýa howpsuzlygy talaplaryna laýyk gelmegi meselelerine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň senagaty tebigy serişdeleri ulanmakdan ugur alýar, bu bolsa dünýä ýaýran halkara brendleri özüne çekýär. Pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri halkara derejesinde ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifikatlaryna, WRAP we OHSAS 18001 ölçeglerine mynasyp boldy.

Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň segsen göterimine golaýy GDA, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna we dünýäniň beýleki künjeklerine eksport edilýär.

Ýene degişli makalalar

Coralfly kompaniýasy oba hojalyk tehnikalary we ýeňil ulaglar üçin süzgüçleri hödürleýär
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär
Ulag we Senagat toplumlaryndaky ösüşler
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy