Türkmenistandan gitmek islegleriň köpdügine garamazdan, Russiýa uçarlar ýarym boş gaýdýar

Türkmenistandan gitmek islegleriň köpdügine garamazdan, Russiýa uçarlar ýarym boş gaýdýar

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň habaryna görä, aýyň başyndan bäri Russiýa uçan azyndan iki uçar ýolagçylaryň göz öňünde tutulan möçberi dolman gidipdir. Bu ýagdaý pandemiýa wagtynda togtadylan howa gatnawyny ýaňy-ýakynda täzeden dikelden ýurtdan gaýtmak islegleriniň güýçlenen wagtynda ýüze çykdy.

Şu aýda Türkmenistandan Russiýa, ýagny Gazana we Moskwa birnäçe uçuş amala aşyryldy. 3-nji we 6-njy iýulda Gazana giden uçarlar ýolagçylar bilen doldurylmandyr.

Ýarym boş uçarlar baradaky habar daşary ýurt gatnawlaryna bolan içerki islegiň artýan wagtyna we awiakompaniýalaryň kassalarynda biletleriň elýeterliligi we bahalary bilen baglanyşykly kynçylyklaryň dowam edýän pursadyna gabat gelýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary 6-njy iýulda Aşgabatdan Gazana giden we 297 adama niýetlenen uçarda bary-ýogy 53 adamyň bolandygyny anykladylar. 3-nji iýulda Gazana giden uçarda hem boş ýerler köp bolupdyr.

"Gazana giden uçarda boş oturgyçlar köpdi, ýöne bu wagtda gitmek isleýänler üçin kassada bilet ýokdy. Şol gün kassalarda 5-nji iýula Moskwa biletler bardy, emma iýul aýynda has soňrak günlere bilet ýokdy "- diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, uçarlaryň boş gatnamagyna uçar biletleriniň öňünden satylman, uçuşlaryň öňýany satylmagy sebäp bolýar.Bilet gytçylygy olaryň resmi bahasyndan satylmagyna degişli, sebäbi para bilen biletleri islenýän senä satyn alyp bolýar.

"Bu olaryň üstüne 'şapka' pul goşup satmak üçin iň soňky pursadyna çenli süýremekleri bilen baglydyr, soň bolsa biletler biderek ýitýär ýa-da bir gün öň satuwa çykarylýar" - diýip, habarçy aýtdy.

Biletleriň üstüne goşulyp satylýan nyrhy resmi bahadan birnäçe esse ýokary bolup bilýär. Hususan-da, Moskwa biletiň resmi bahasy bir tarapa 8000 manat bolup, goşmaça tölegli biletiň bahasy 20 000 manada ýetýär. Deňeşdirme üçin pandemiýadan öň Aşgabatdan Moskwa biletiň bahasy iki tarapa 3000 manatdy.

Habarçylar biletleriň elýeterliligi bilen baglanyşykly gümürtikliklerden başga-da, Gazana barýan uçarlaryň boşamagynyň sebäpleriniň, Moskwa we Dubaýa uçuşlaryň täzeden başlanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Olar mundan öň käbirleriň soň Moskwa we Türkiýä aşmak üçin Gazana bilet satyn almaly bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan halkara gatnawlaryny maý aýynyň ahyrynda bölekleýin başlady. 30-njy maýdan Dubaýa (BAE), 1-nji iýundan Gazana we 1-nji iýuldan Moskwa adaty gatnawlar täzeden başlandy. Iýun aýynyň başynda ýurduň häkimiýetleri beýleki ýurtlara-da halkara gatnawlaryny ýola goýmak isleýändiklerini mälim edipdi.

Bu aralykda, käbir çeşmelere görä, ýene bir sebäp, türkmen raýatlarynyň syýahat üçin zerur resminamalaryny almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary bilen bagly. Pasport we wiza almakdaky kynçylyklar raýatlaryň ýurtdan çykmagyna päsgel berýär.

"Türkmen häkimiýetleriniň haýyşy boýunça Russiýa bu ýurda gitmek isleýän köp sanly türkmen raýatyna wiza bermekden ýüz öwürdi" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň biri aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti öz çäginde düýpden ýokdugy aýdylýan koronawirus bilen baglanyşykly girizen çäklendirmeleri ýeňilleşdirmegiň bir bölegi hökmünde yzygiderli halkara gatnawlaryny gaýtadan dikeldendigini aýdypdy. Keseliň ýokdugyny aýdýan hökümet iki ýyllap raýatlaryň ýurda girmegini we çykmagyny berk çäklendirip geldi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häkimiýetleriň ilatyň azalmagyndan aladalanýandygyny we ilatyň ýurtdan çykmagyny çäklendirmäge synanyşýandygyny öňe sürýär. Çeşmelere görä, soňky on ýylda azyndan 1,9 million türkmen raýaty ýurtdan çykypdyr we ýurduň ilatynyň häzirki sany 2,7-2,8 million töweregi. Häkimiýetler bu maglumatlary resmi taýdan tassyklamaýarlar we inkär etmeýärler. Dekabr aýynda Türkmenistanda ilat ýazuwy geçiriler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok
Diňle: Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar
Ysraýyl asuda ilatyň galýan çadyr düşelgäni bombalady