Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok

Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok

Türkmenistanda Orsýete uçar biletlerini satyn almakda kynçylyk döredi. Azatlygyň habarçylary şu aýyň başyndan bäri Moskwa we Gazana uçar biletleriniň satylmaýandygyny habar berýärler. Resmi derejede yglan edilmezden ýüze çykan bu ýagdaý Ulag we kommunikasiýalar döwlet agentliginiň Moskwa-Aşgabat ugry boýunça reýsleriň sanyny artdyrmak barada çap eden resmi habaryna gabat geldi.

"Awia kassalarda apreliň 1-inden başlap, Moskwa we Gazana uçara hiç hili bilet satylanok" diýip, habarçymyz 10-njy aprelde habar berdi.

Uçar biletlerini satýan işgärler we bilet satyn almaga synanyşýan ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyzyň aýtmagyna görä, kassalarda köplenç biletleriň satylyp gutarandygy aýdylýar, emma anyk sebäp görkezilmeýär.

"Türkmenistan awia kompaniýasynyň Russiýa gatnawlaryna näme üçin biletleriň satylmaýandygy hakynda soralanda, meselem, Marydaky awia kassalarda "Dekabra çenli biletler satylyp gutardy, Orsýede bilet diýmäň!" diýip jogap berýärler" - diýip habarçy aýdýar.

Awia kassalaryň käbir işgärleri Orsýete bilet satuwynyň bes edilmeginiň Moskwada bolan terrorçylyk hüjüm bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.

"Daşoguzda we Türkmenabatda bolsa aç-açan "indi Orsýede bilete tama etmäň, Arkadagyň "Krokusdan soň Orsýede hiç hili bilet satmaň!" diýip, milli awia kompaniýa beren buýrugy bar. Şonuň üçin hem, aprelden öň şu ýylyň aprel-noýabr aýlaryna bilet alyp ýetişen raýatlaryň uçuş reýsleriniň wagtlary hem yzly-yzyna üýtgedilýär. Ýatyrmak hakynda hem planlar bar" diýip, habarçymyz bilet satýan işgärleri sitirleýär.

Türkmenistandan Orsýete uçarlar pandemiýadan soň diňe Moskwa we Gazana gatnaýar.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar uçar biletleriniň söwdasynyň ýatyrylmagyny Türkmenistanyň ýyllarboýy güýçlendirýän üzňeligine tarap we ilatyň migrasiýasyny çäklendirmek üçin nobatdaky ädim diýip hasap edýärler.

"Moskwa we Gazana uçýan uçarlar türkmen raýatlary üçin ýeke-täk göniden-göni gidip bolýan migrasiýa ugruna öwrüldi.Emma indi resmi Aşgabat iş ýüzünde ýurduň raýatlary üçin absolýut halkara ulag üzňeligini gazandy.

Izolýasiýa, ýapyklyk, ilaty girewde saklan ýaly ýurtdan çykarmazlyk - ine baş maksat!" diýip, maryly bir ýaşuly Russiýada zähmet migrasiýasyna gitmekçi bolan oglunyň we gelniniň kyn ýagdaýa düşendigini gürrüň berdi.

Bu aralykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Moskwa-Aşgabat ugry boýunça reýsleriň sanynyň hepdede alta ýetiriljekdigi habar berildi. Resmi maglumatda Moskwadan Aşgabada reýsleriň köpeldilmegi milli awia kompaniýanyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan reýsleriniň sanyny artdyrmak maksady bilen baglanyşdyrylýar.

Ýaňy-ýakynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy täze halkara ugurlarynyň birnäçesini açandygyny, munuň syýahatçylygyň ösmegine uly goşant goşjakdygyny resmi habarynda mälim edipdi. Emma türkmen awiakompaniýasynyň Azatlyk bilen anonim gürleşen hünärmenleri munuň Türkmenistana gelýän ýa-da gidýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga däl-de, daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň serhedinden, ýurduň çägine girizmezden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýtdylar.

"Aşgabatdan Moskwa we Gazana uçar biletleriniň satylmagynyň togtadylmagy Orsýede uçýan reýsleriň diňe Orsýetden Aşgabadyň üsti bilen Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna üstaşyr reýsleri guramak üçin galdyryljagyny görkezýär" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmeleriň biri belledi.

Soňky ýylda Orsýet Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza alyp, göni uçup baryp bolýan sanlyja ýurduň biridi. Türkiýe Respublikasynyň 2022-nji ýylda resmi Aşgabadyň haýyşy bilen türkmen raýatlary üçin berk wiza düzgünini girizmegi Aşgabat-Stambul ugrundaky türkmen ýolagçylarynyň akymyny ep-esli azaltdy.

Türkmenistandan Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Eýran, Täjigistan ýaly golaý ýurtlara hiç hili ýolagçy uçar gatnawy ýok. Türkiýe we Dubaý gatnawlary diňe sanlyja we gymmatlygy sebäpli, diňe gurply adamlar üçin elýeter.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmenistandan Moskwa we Gazana uçar biletleri satylanok
Gazany Çaga Gonamçylygy Hökmünde Häsýetlendirdik
ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Goldaw Berýär
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowany 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
ABŞ-da Prezidentlige Daşalgär Steýn Saklandy