Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda medallara mynasyp boldular

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda medallara mynasyp boldular

Türkmenistanly mekdep okuwçylar topary Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralyp, Astanada (Gazagystan Respublikasy) geçirilen himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda şowly çykyş etdiler.

Wekilçilikli toparyň düzümine Aşgabadyň S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan dört okuwçy gatnaşdy.Netijede mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Begzada Annaýew kümüş medal gazandy.Bürünç medallara mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Yhlas Jumaýew we 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa mynasyp boldy.

Okuwçylaryň wekilçilikli toparyna mekdebiň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk etdi.Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berdi.

Her ýylda bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen onlarça okuwçylar himiýa nazaryýeti, çylşyrymly himiki meseleleri çözmek we himiki enjamlar bilen işlemek endikleri boýunça bäsleşdi.Umuman, 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Bolgariýadan, Wengriýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, Ysraýyldan, Awstriýadan, Mongoliýadan, Makedoniýadan, Siriýadan, Horwatiýadan, Braziliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden 113 mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Ozal bu olimpiada türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gatnaşjakdygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünligi
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar
Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşarlar
17.07.2017 | Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ toplumynda nebit koksundan grafit alyndy
01.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy