Türkmenistanly okuwçylar Şweýsariýada geçen halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar

Türkmenistanly okuwçylar Şweýsariýada geçen halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary şu ýylyň iýul aýynyň 13 ----- 25-i aralygynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Surih şäherinde geçirilen 55-nji halkara himiýa olimpiadasynda 4 sany --- 1 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, halkara olimpiada jemi 89 döwletden 348 okuwçy gatnaşdy. Onda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatyndan 4 okuwçy Türkmenistana wekilçilik edip, olar nazary bilimlerini we tejribe işlerini geçirmek boýunça bäsleşdiler.

Halkara himiýa olimpiadasynyñ jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Jumaýew kümüş medaly, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Begzada Annaýew we 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Himiýa boýunça 56-njy halkara olimpiada 2024-nji ýylyñ iýulynda Saud Arabystanynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda medallara mynasyp boldular
Mekdep okuwçylarynyň halkara üstünligi
Türkmen mekdep okuwçylary halkara himiýa olimpiadasyndan medally dolandylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY