Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medal gazandylar

Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medal gazandylar

Türkmenistanly samboçylar Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Bu barada Orient habar berýär.

Has takygy, sport sambosy boýunça 58 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Babamyrat Baýramow, edil şol agram derejesinde söweş sambosy boýunça geçirilen ýaryşa gatnaşan Kerim Kerimow, 88 kilograma çenli agram derejäniň wekili Dörtguly Goçgulyýew we 98 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Azym Mämmedow dagylar hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Dünýä çempionaty sport we söweş sambosynyň 37 agram derejesi boýunça geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden türgenler gatnaşdy.

Ýokarda atlary agzalan türgenlerden başga-da, türkmenistanly samboçylaryň birnäçesi öz agram derejelerinde iň güýçli türgenleriň ilkinji altylygyna girmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi