Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ikinji gezek guralýan Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Günüň birinji ýarymynda bäsleşige gatnaşan dutarçy sazandalar öz aralarynda bäsleşip, nobatma-nobat türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa bäsleşige gatnaşan dutarçy bagşylar gezekli-gezegine öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Şeýlelikde, bäsleşikleriň netijesine görä, Aşgabat şäheriniň 70-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Şaguly Baýramgulyýewiç Hojamgulyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň Laçyn tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti Serdar Dörtgulyýewiç Bäşimow, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminiň Medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Akmyradowiç Idirisow, Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Babamyradowiç Nyýazow, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Baýgeldiýewiç Hangeldiýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiç Baýramgeldiýew, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Görogly etrap Medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Arazmyradowiç Atabaýew, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Annadurdyýewiç Urpekow, Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Jelaledinhanowiç Annakulyýew, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň Dutar hünäri boýunça mugallymy Akmurat Çaryýewiç Hoşyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Nurýagdyýewna Tuhyýewa, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Döwletmyradowiç Hudaýberenow ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen I Halkara internet-olimpiadanyň netijeleri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy