Geçen dynç günleri türkmenistanlylaryň ençemesi üçin mejbury çärelere gatnaşmak bilen geçdi. Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri we studentler şenbe güni ählihalk agaç ekiş çärelerine, ýekşenbe güni hasyl baýramyna köpçülikleýin çekildi.
"Daňdan çagy ir 5-de ýarym ukuly ýaşlary awtobuslara mündürip, bag ekmäge äkitdiler. Studentleriň ellerine pildir-kätmen gysdyryp, ýer gazdyryp, bag nahallaryny oturtmaga gatnaşdyrdylar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy 8-nji noýabrda paýtagtda geçirilen çäre barada gürrüň berdi.
8-nji noýabrda paýtagtyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we mugallymlary ählihalk agaç ekiş çärelerine gatnaşypdyr. Bu barada döwlet media serişdeleriniň maglumatlarynda hem habar berildi.
Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri gatnaşyjylaryň çärelere hökman barmaly edilendigini, agaç ekmek we arassaçylyk işlerini geçirmek boýunça ýowarlaryň daňdandan öýläne çenli dowam edendigini gürrüň berdiler.
Resmi maglumatlarda agaç ekişligiň dabaraly ýagdaýda geçirilendigi we oňa prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşandygy aýdyldy.
THD-nyň habaryna görä, jemi 449 müň 464 düýp bag nahaly ekilipdir. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri geçirilipdir. Jemi 1 million 997 müň 775 düýp agaça ideg edilipdir.
Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ençeme ýyl bäri her ýyl millionlarça agajyň ekilýändigi resmi derejede yglan edilen ýurtda ozalky agaçlaryň idegsiz gurap galýandygyny yzygiderli habar beripdi.
Şu ýyl ekilen nahallaryň ençemesiniň hem hiliniň örän pes bolup, olaryň gögermek ähtimallygynyň örän şübhelidigini çeşmeler belleýär.
Student ýaşlaryň dynç günleriniň tas ählisi köpçülikleýin çärelere gatnaşmak bilen geçýär. Geçen şenbe-ýekşenbe günleri agaç ekiş kampaniýasyna we Hasyl baýramyna gabat gelen bolsa, beýleki dynç günlerinde ýaşlar at çapyşyklarynda, teatrlarda mejbury tomaşaçy bolmaga ýa-da gurluşyk desgalaryň açylyş dabarasy ýaly çärelere gatnaşmaga mejbur edilýär.
"Ýarym ukudaky ýaşlar pallaşyp, hem ukusyz, hem-de aç. Olaryň syýasatdan däl, eýse dünýe bilen gyzygy bolmaz ýaly halda saklanýar. Olaryň ähli pikiri tiziräk umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, ukudan ganmak we garnyny doýurmak" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.
Çäre mejburlygy studentleri kadaly bilim we dynç almakdan mahrum edýär.
"Çärelerden ýadan talyplaryň okuw hem hünär almak höwesleri bolmaýar. Olar sapaklara gatnap, synp otaglarynda oturan ýerlerinde uklap galýarlar we mugallymlaryň berýän derslerini özleşdirip bilmeýärler" diýip, paýtagtyň ýokary okuw jaýynyň mugallymy aýtdy.
Agaç ekiş dabaralaryndan býujet işgärleri hem çetde galmady. Mary welaýatynda ähli döwlet edaralarynyň işgärleri şenbe günki bag ekmek işlerine çekildi.
Şäherde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi diýip ýerli çeşmeler habar berdi.
"Mary şäheriniň içi polisiýa işgärlerinden doly boldy. Ilkibaşda [prezidentiň aýal dogany] Oguljahan Atabaýewa bag ekmek üçin Mary welaýatyna sapar etjekmiş diýip, aýtdylar, emma ol gelmedi. Hatda onuň geljekdigi barada aýdylyp, şäheriň içinde howpsuzlyk güýçlendirildi. Ýöne bag ekmek çäresi adaty geçdi we telewideniýe üçin ýazga düşürildi" diýip, çärä gatnaşan maryly çeşme gürrüň berdi.
Agaç ekmek işleri bu gezek Oguzhan etrabynyň çäginde geçirilipdir. "Biziň bag eken ýerlerimiz şor toprakly, suwsuz tozap ýatan çöl meýdanlar" diýip, çeşme belledi.
Maryly býujet işgärleri täze nahallary oturdyp, ozalky ekilen agaçlary hem görüp gaýdandygyny gürrüň berdiler. Olar öňki ekilen baglaryň gurap galandygyny belläp, bu işiň manysyna düşünmeýändigini bellediler.
"Öňki eken baglarymyzy gördük. Mundan öň Mary-Aşgabat ýolunyň gyrasynda sähel ýere bag ekipdik, ol eken baglarymyz gurapdyr. Bize ekdirip, köpçülikleýin çäre geçirip, wideo alýarlar we soň ideg etmän bag nahallaryny guradýarlar. Her ýyl köpçülik bolup bag ekmegiň manysy näme" diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Häzirki agaç ekiş kampaniýasy şu ýylyň dowamynda ikinjisidir. Fewral-mart aýlarynda näçe agajyň ekilendigi resmi habarlarda agzalmady.
Ozalky ýyllarda millionlarça düýp agajyň ekiljegi öňünden yglan edilýärdi. Hususan-da, 2020-nji ýylda 7 million bag nahalyny, ýagny öňki ýyllardan iki esseden köp agajy ekmek barada prezidentiň karary yglan edilipdi.
Üstesine, soňky iki ýyl bäri döwlet edaralaryň işgärlerinden ýokary okuw jaýlarynyň we orta mekdepleriň okuwçylaryndan ekiljek nahallary satyn almak üçin pul toplandy.
Şu ýylyň fewral aýynda mekdeplerde her bir okuwçydan 10 we 30 manat aralygynda (Merkezi Bankyň kursy boýunça 2,8-8,5 amerikan dollary) pul talap edildi, diýlip habarçylaryň maglumatlarynda aýdylypdy.
Geçen ýyl Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekiş möwsüminde häkimiýetleriň ählihalk bag ekmek çäresine niýetläp, býujet işgärlerinden talap eden maddy goşandynyň mukdary 100 manada, ýagny resmi kurs boýunça 28,5 amerikan dollaryna barabar bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.