Türkmenistanlylar Täze ýyl gijesi Yhlas atly täze çeper filme tomaşa edip bilerler

Türkmenistanlylar Täze ýyl gijesi Yhlas atly täze çeper filme tomaşa edip bilerler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleradioýaýlymy tomaşaçylary täze döwrebap gepleşiklerdir çeper filmler bilen yzygiderli begendirip durýar.

Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň döredijilik topary türkmenistanlylaryň Täze — 2022-nji ýyly şatlykly, şowhunly garşylamaklary üçin täze çeper filmi surata düşürdiler. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň kino režissýory hünäriniň 4-nji ýyl talyby Guwanç Nazaryň režissýorlyk etmeginde Yhlas atly gülkili çeper film taýýarlandy.

Täze filmde Türkmenistanyň halk artisti Gülşirin Öwezmämmedowa, ýaş aýdymçylar Aly Alyýew, Täşli Tülegenow, artistler Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowa, artist Rahat Baýramow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Geldimyrat Myratnazaow dagylar çykyş edýärler.

Filmde baş gahryman Batyr atly ýaş türgen öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin yhlas edýär.Onuň maksatlarynyň myrat tapmagyna tälimçisi goldaw berýär. Batyryň sport älemindäki şowly hem-de şowsuz pursatlary gyzykly wakalar bilen beýan edilýär. Bu bolsa täze filmiň tomaşaçylaryň göwnünden turjakdygyna şaýatlyk edýär.

Yhlas atly täze çeper filme 31-nji dekabrda, ýagny Täze ýyl gijesi Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň üsti bilen tomaşa edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary