Türkmenistanlylaryň 18-si "Hormatly il ýaşulysy" diýen ada mynasyp boldy

Türkmenistanlylaryň 18-si "Hormatly il ýaşulysy" diýen ada mynasyp boldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen ýurduň şu raýatlaryna Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri Romanguly Mustagowa,

Sowadyş toplumy hususy kärhanasynyň başlygy Rejepmyrat Allaberdiýewe,

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, pensioner Atamyrat Hangeldiýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Beýik Saparmyrat hajy metjidiniň baş ymamy Gylyçniýaz Atageldiýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 23-nji orta mekdebiniň müdiri Kowus Meretmämmedowa,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap statistika bölüminiň hünärmeni Orazgeldi Aşyrowiç Çepbeýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Orazmämmet Begjanowa,

Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň meýillendiriş-ykdysadyýet bölüminiň başlygy Tagan Taganowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hemra Ýagdyýewiç Saryýewe,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Ýusupowiç Allanazarowa,

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Guljangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Atagulla Ibadullaýewe,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Bagtyýarlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çäşem Daňatarowiç Samaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Babahan Abdullaýewe,

Lebap welaýatynyň Kerki etrap häkimliginiň ykdysadyýet we sarp ediş toplumy bölüminiň müdiri Akmurat Jumageldiýewe,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hojakul Gandymowiç Huddyýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Öwezgeldi Mäterowa,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň Çerkezköl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Hojamyradowa,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň Babasary obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Agajan Töräýewe.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany