Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

1-nji madda

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 102 313,5 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 32 865,0 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 91 544,7 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 22 096,2 mln. manat möçberinde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2024-nji ýyl

üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan baha peýdadan alynýan ýerasty baýlyklardan

üçin salgytdan salgytdan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri 1,4% 1,4% 1,4%

Arkadag şäheri 100,0% 100,0% 0%

Ahal welaýaty 90,0% 90,0% 90,0%

Balkan welaýaty 28,0% 28,0% 27,0%

Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%

Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%

Mary welaýaty 87,0% 87,0% 88,0%

4-nji madda

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 986,2 mln. manat möçberinde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Arkadag şäheri 211,3 mln. manat

Daşoguz welaýaty 1 685,4 mln. manat

Lebap welaýaty 1 089,5 mln. Manat

5-nji madda

Ýerli býujetleri 13 755,0 mln. manat möçberinde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri 2 443,1 mln. manat

Arkadag şäheri 236,7 mln. manat

Ahal welaýaty 1 658,9 mln. manat

Balkan welaýaty 1 538,7 mln. manat

Daşoguz welaýaty 2 478,5 mln. manat

Lebap welaýaty 2 781,1 mln. manat

Mary welaýaty 2 618,0 mln. Manat

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryndan, Kararlaryndan we Buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji noýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary tutuşlygyna diýen ýaly ozalky düzümde galdyryldy
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Hytaýa barar, Aşgabatda Rus kinosynyň hepdeligi dowam edýär, Türkmenistanda 2023-nji ýylda doglan ilkinji çaga Bagtyýar diýlip at goýuldy we beýleki habarlar