Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda ýerleşdirilen habarda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda, gündizlerine +1... +6 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... -5 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda, gündizlerine +2... +7 gradusdan +5.. +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... -7 gradusdan +1.. +6 gradus aralygynda, gündizlerine 0... +5 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -5... -10 gradusdan -1...+4 gradus aralygynda, gündizlerine 0... -5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... -5 gradusdan +4... +6 gradus aralygynda, gündizlerine +3... +5 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ýene degişli makalalar

Balkanda sil suwlary demirýoluň bir böleginiň opurylmagyna getirdi
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mejlisde Türkmenistanyň birnäçe Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi
Türkmenistanyň Mejlisi käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi
Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy
Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyşly howa bolar