Mejlisde Türkmenistanyň birnäçe Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi

Mejlisde Türkmenistanyň birnäçe Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şenbe güni ýurduň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibinde “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisi käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Diňle: Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty