Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn 7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda, Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine, Ýer hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň beren hasabatlary diňlenilip, olara degişli tabşyryklar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisi käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi
Mejlisde Türkmenistanyň birnäçe Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi