Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 7-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Ol milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi barada-da aýdyldy. Şeýle-de abraýly halkara düzümler we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler, deputatlaryň alyp barýan wagyz-nesihat işleri, gatnaşýan çäreleri barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, halkara gatnaşyklar barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, ýurduň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny belledi.

Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmenistanly ähli mähriban eneleri, gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisi käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi
Mejlisde Türkmenistanyň birnäçe Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi