“Altyn asyr” döwlet mobil operatorynyň bölümleriniň agzynda uly nobatlar döremäge başlady diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” okyjylary habar berýärler.
Russiýanyň 29-njy sentýabrda Türkmenistandaky işini togtadan MTS operatorynyň ozalky abunaçylary gyssagly ýagdaýda häzirki pursat ýurtda ýeke-täk döwlet aragatnaşyk kompaniýasy bolan “Altyn asyryň” abunaçysy bolmaga çalyşýarlar.
MTS-Türkmenistanyň abunaçylary 1,7 million adamdan yabaratdy. Indi “Altyn asyryň” işgärleri uly nobat döreden adamlara hyzmat edip ýetişip bilmeýärler.
Türkmenistanyň öýüjükli aragatnaşyk pudagynda bolup geçýän zatlar barada häzirlikçe başga anyk maglumat ýok. Eger-de siz haýsydyr bir jikme-jikligi habar bermek isleseňiz, redaksiýa bilen şu adres hronikatm@gmail.com arkaly habarlaşmagy, ýa-da biziň saýtymyzdaky aragatnaşyk penjiresinden peýdalanmagy maslahat berýäris.