Türkmenistanyň banklary Russiýanyň walýuta söwdalaryna gatnaşyp bilerler

Türkmenistanyň banklary Russiýanyň walýuta söwdalaryna gatnaşyp bilerler

Türkmenistan ýurduň karz edaralaryna we dellallaryna Russiýanyň walýuta bazarynda söwda etmäge rugsat berýän “dostlukly we bitarap ýurtlaryň” sanawyna girizildi. Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin şu ýylyň 20-nji sentýabrynda döwletleriň sanawyny tassyklamak baradaky Buýruga gol çekdi.

Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu sanawa giren ýurtlar diňe bir Russiýanyň walýuta bazarynda däl, eýsem beýleki ugurdaş maliýa bazarynda hem söwda gatnaşyp bilerler.

Bu sanawa dünýäniň 30 ýurdy, ýagny, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan, Alžir, Bangladeş, Bahreýn, Braziliýa, Wenesuela, Wýetnam, Müsür, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Gazagystan, Katar, Hytaý, Kuba, Malaýziýa, Marokko, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Pakistan, Saud Arabystany Patyşalygy, Taýland, Türkiýe, Günorta Afrika Respublikasy girýär.

Bu Karar 2023-nji ýylyň iýul aýynda kabul edilen “Guramaçylykly söwda barada” Russiýanyň Federal Kanunynyň täze kadalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlandy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
BRIKS-e goşulmaga 23 ýurt isleg bildirdi
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Bütindünýä Banky beýleki ýurtlaryň Russiýa bergileriniň artandygyny habar berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Bütin dünýäde dizel ýangyjy gymmatlaýar