Bütin dünýäde dizel ýangyjy gymmatlaýar

Bütin dünýäde dizel ýangyjy gymmatlaýar

Bütin dünýäde dizel ýangyjy gymmatlaýar, onuň bir litriniň ortaça bahasy bir dollardan geçýär. Bilermenler munuň sebäbini dürli ýagdaýlar, şol sanda pandemiýadan soňra dünýä ykdysadyýetiniň dikelmegi bilen baglaýarlar. Bu bazara nebitiň gymmatlamagy, energiýa serişdelerine islegiň artmagy we geosyýasy wakalar täsir edýär.

Global Petrol Prices seljeriş portalynyň maglumatyna görä, häzir dünýäde dizel ýangyjynyň bahasy Gonkongda has gymmat, ýagny litri 3 dollar.

Ýangyjyň bahasynyň gymmatlamagy ulag we oba hojalyk pudaklaryna ýaramaz täsir edýär.

Kubada dizel ýangyjynyň bahasyny bäş esse ýokarlandyrmak isleýärler. Täze nyrhnama fewralda güýje girer.

Ýangyjyň bu görnüşiniň iň arzan ýerleri Wenesuela, Eýran we Liwan diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Banky beýleki ýurtlaryň Russiýa bergileriniň artandygyny habar berdi
4-nji ýanwarda günüň esasy habarlary
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Medwedew: Türkmenistan, Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandylar
Kubanyň Döwlet baştutany genoside garşy işe girişmek üçin çagyryş berdi
Kubanyň Döwlet baştutany Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerine reaksiýa bildirdi