Bütindünýä Banky beýleki ýurtlaryň Russiýa bergileriniň artandygyny habar berdi

Bütindünýä Banky beýleki ýurtlaryň Russiýa bergileriniň artandygyny habar berdi

Daşary ýurt döwletleriniň wekilleriniň Russiýanyň öňündäki bergileri 2022-nji ýylda 8,7 göterim artyp, 28,9 milliard dollara deň boldy. Bu barada Bütindünýä Banky 2023-nji ýyl üçin halkara bergiler barada hasabatynda habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.

Maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň aýagyndaky ýagdaýa görä, 37 ýurduň russiýaly karzçylaryň öňünde ýapylmadyk bergileri galdy, şunda BB Kuba we Wenesuela boýunça maglumatlaryň nämälimdigini belleýär.

Döwletleriň arasynda öňdeligi 8,24 mlrd dollar bergi bilen Belarussiýa eýeleýär. Ondan soň Bangladeş (5,86 mlrd dollar), Hindistan (3,75 mlrd dollar), Müsür (1,82 mlrd dollar) we Wýetnam (1,39 mlrd dollar) ýerleşýär.

2024-nji ýylda RF-niň hökümeti beýleki ýurtlara maliýe we eksport karzlarynyň 468,5 mlrd rubluny bölüp bermegi meýilleşdirýär. 2025-nji ýylda bu görkeziji 473,7 mlrd, 2026-njy ýylda 479,9 mlrd rubl bolar.

Jemi alnanda, geljek üç ýylda Russiýa hökümetara karzlaryň 1,4 trillion rubluny ýa-da 15,6 mlrd dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň banklary Russiýanyň walýuta söwdalaryna gatnaşyp bilerler
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
BRIKS-e goşulmaga 23 ýurt isleg bildirdi
Bütin dünýäde dizel ýangyjy gymmatlaýar
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy