Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda Giýewleriň bäsleşigi 20 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşaçylara görkezilýär

Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda Giýewleriň bäsleşigi 20 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşaçylara görkezilýär

Özbegistanly dramaturg Alişer Azizhojaýewiň pýesasy esasynda döredilen Giýewleriň bäsleşigi gülkili sahna eseri 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň tomaşaçylaryna şatlyk paýlap gelýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Spektaklyň teatryň sahnasynda uzak wagt ýaşamagynyň sebäbi, türkmen we özbek halklarynyň däp-dessurlarynyň, aň-düşünjeleriniň, edim-gylymlarynyň meňzeşligidir.

Oýnuň mazmunyna görä, bäş sany dalaşgärler oba gözelini almak üçin synagdan geçýärler. Oba gözeli dalaşgär ýigitleriň öňünde birnäçe şertleri goýýar. Synaglaryň netijesinde bolsa gyz eli palta bilen uly agaç sütünini kesen ýigidi saýlap, şona hem durmuşa çykýar. Tomaşaçalarda uly gyzyklanma döreden, gülkili wakalara baý bolan sahna eseriniň ahyry toý tutulmak bilen tamamlanýar.

Režissýoryň kömekçisi Aşyr Ýemşikow we aktýorlar özbek obasynyň keşbini döretmegi başardylar. Çeşmäniň belleýşi ýaly, Giýewler bäsleşigi spektaklyň ilkinji režissýory Aman Kömekowyň sahnada şekillendirilendigi baradaky pikire doly laýyk gelýär.

Ýene degişli makalalar

Teatr sungatyna ömrüni örklän halypa
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatry halkara festiwalda Watandan uzakdaky gije atly sahna eseri bilen çykyş eder
Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Edgar Ponuň eseri boýunça sahna oýny goýuldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistan bilen Lombardiýa sebitiniň işewür gatnaşyklaryna garaldy