Türkmenistanyň Bitaraplygy mynasybetli Ankarada futbol ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň Bitaraplygy mynasybetli Ankarada futbol ýaryşy geçirildi

Şu gün Ankaranyň “Konk Halı Saha” sport toplumynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Bäsleşige Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Ankarada akkreditlenen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen bu bäsleşik diňe bir sport çäresi bolman, eýsem döwletara parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşanyna öwrüldi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere Ilçihana tarapynda degişli sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
Alişer Sahatowyň aýaly Sinopyň kanun çykaryjylarynyň adamsyny gözlemekden ýüz öwürýändigini aýdýar
THF: Samsun şäheriniň sudy Sahatowy we Orusowy deportasiýa etmek hakynda karar çykardy
Türkmenistanly ýene bir aktiwiste Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Türkiýede saklanan türkmen aktiwistlerinde 'saglyk meseleleri' ýüze çykdy
Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
MHM hökümet tankytçylarynyň “ýurda getirip jezalandyryljakdygyny” aýdýar