Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy

Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy

Gazagystanyň Almata şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) demir ýol we multimodal ýük daşamalarda sanly özgertmeler, şeýle-de Demirgazyk we Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglarda ýük gatnawlaryny ösdürmek boýunça Bilermenler toparynyň ikinji ýygnagy geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen ýygnaga türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşan ýygnagynda Demirýollary AGPJ-niň ýük gatnawlary we täjirçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary Sylapberdi Nurberdiýew Türkmenistanyň demir ýol ulaglarynda üstaşyr ýükleri daşamakdaky mümkinçilikleri barada çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy. Munuň özi Türkmenistanyň Ýewraziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşýändigi, ýurtda ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigi bilen düşündirilýär.

Mundan başga-da, türkmen tarapy ýygnaga gatnaşyjylary Türkmenistanyň üstaşyr ýükleri geçirmekdäki möhüm nokatlary bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, türkmen-eýran serhedindäki Sarahs, Etrek hem-de Artyk gümrük nokatlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
“Balkan” gämi gurluşyk zawody iki sany gury ýük gämisini gurar
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy