2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Syýasy-diplomatik gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary we saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Diplomatlar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar hünär bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem aýratyn üns berdiler.
