Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we döwletara konstruktiw dialogyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi berýän ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem taraplar özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli guraly hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berildi.Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem söwda, maýa goýumlar, ulag we logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde Türkmenistan ABŞ Işewürler geňeşiniň möhüm orny nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.Taraplar konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan - ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
WAŞINGTONDA TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Baş diplomaty Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy