Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda saýlaw uçastoklary döredildi.

Diplomatik wekilhanalaryň Instagram sosial ulgamyndaky sahypalarynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi. Bu saýlaw uçastoklarynda ähli taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi diýlip, habarlarda bellenilýär.

Şeýle hem sosial ulgamlardaky habarlarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses berlişik 16 — 26-nji mart aralygynda ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 19:00-a çenli geçirilýändigi ýatladylýar.

Ýene degişli makalalar

Dabara bilen açylan türkmen-özbek söwda zolagynyň türkmen tarapy ýapyklygyna galýar
16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik tory gadagdan edildi
Stambulda ýüzlerçe türkmenistanly student uniwersitete 'duýdansyz' goýberilmezligine garşy çykdy
Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar